Gelse Nowruz äleme ...

16 Mart 2024
194

Äleme özboluşly gözelligini çaýyp, läle-reýhan bolup Nowruz geldi. Nowruzda daş töwerek göm-gök öwsüp, gyzyl gülälekler açylýar, tebigatyň hoşboý ysy beýhuş edip, sende gowy duýgulary oýarýar. Bahar paslynyň aýratynlyklarynyň biri-de, onuň adamzada, tebigata hoşroý-hoşroý yslary eçilmegidir. Bir ýerlerden guşlaryň saýraýan sesleri eşidilip, seniň dünýäňde üýtgeşik bir duýgulary oýarýar. Ynsan elmydama gözellige teşne. Baharyň gelmegi bilen, Nowruz bosagamyza öz gadamyny goýýar. Nowruz gelende bolsa diňe ynsanyň däl, goja tebigatyňam gursagy ýarylara gelýär. Nowruz baýramynda ýaşyl ýaýlalarda türkmeniň ak öýleri dikilip, toý gazanlary goşadan atarylýar. Eýsem, şeýle dabaradyr şatlyga beslenip, dabarasy dag aşýan Nowruz baýramy nädip döredi-kä, onuň taryhy ösüş ýoly nähili-kä ?!

Taryhçylaryň käbiri Nowruz baýramynyň döreýşini gadymyýetde ýaşap geçen meşhur patyşa Jemşidiň ady bilen baglanyşdyrýarlar. Aslynda, biz bu çaklamany dogry hasaplap bileris. Sebäbi, belli taryhçy Salar babanyň we Abulgazynyň berýän eserlerinde, bu barada maglumat berilýär. Nowruz baýramynyň döreýşi Gün bilen baglydyr. Bahar paslynyň gelmegi bilen Gün hamal ýyldyzlar toparynyň gyrasyndan girýär. Gadymy Gündogar halklary bu güni Täze ýyl hasaplapdyrlar. Ol sene bolsa, 21-nji Marta gabat gelýär. Şonuň üçin oňa Nowruz – Täze gün – Täze ýyl diýipdirler. Gadym zamanlarda ata-babalarymyz Aýa – “mah”, Güne – “tab” diýipdirler. Bu bolsa mahy-taban, ýagny aý-gün diýmegi aňladypdyr.

Jangeldi IŞANKULYÝEW
Çärjew etrabynyň 37-nji orta mekdebiniň taryh mugallymy, Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň işjeň agzasy