Bagy-bossan Watanym

18 Mart 2024
388

Bag — dün­ýä­niň be­ze­gi. Hut şo­nuň üçin hem hä­zir­ki wagt­da ýur­du­my­zy ba­gy-bos­san­ly­ga öwür­mek iş­le­ri döw­let de­re­je­sin­de ýo­ka­ry dep­gin­ler bi­len al­nyp ba­ryl­ýar. Bag ek­mek döw­rüň mö­hüm ta­la­by bo­lup dur­ýar. Aja­ýyp te­bi­gy gö­zel­lik­le­re baý Türk­me­nis­tan döw­le­ti­mi­ziň ösüm­lik we haý­wa­nat dün­ýä­si­ni go­rap sak­la­mak, ony yl­my nuk­daý­na­zar­dan çuň­ňur öw­ren­mek, gel­jek­ki ne­sil­le­re ýe­tir­mek hal­kyň aba­dan ýa­şaý­şy­ny üp­jün et­mekde wa­jyp we­zi­pe­le­riň bi­ri­dir. Ýurt Ga­raş­syz­ly­gy­ny ala­ny­myz­dan soň, se­bit­de eko­lo­gik ýag­da­ýy ýo­kar­lan­dyr­mak, bio­dür­lü­li­gi baý­laş­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, da­şa­ry ýurt­lar­dan sa­ýa­ly we pür­li be­zeg agaç­la­ry­nyň, gül­le­riň tä­ze gör­nüş­le­ri­niň to­hum­la­ry­dyr na­hal­la­ry­ny ge­ti­rip oturt­mak, ýer­li ho­wa-top­rak şert­le­ri­ne uý­gun­laş­dyr­mak iş­le­ri­ne giň ge­rim be­ril­di.

Ha­wa, yn­san te­bi­ga­ta nä­çe ýa­kyn bol­du­gy­ça, onuň ru­hy dün­ýä­sem şon­ça giň, şon­ça ala­ýaz, şon­ça­-da şa­dy­ýan bol­ýar. Yn­sa­na mah­sus te­bi­gy­lyk has kä­mil ýü­ze çyk­ýar. Türk­men te­bi­ga­ty­nyň ýy­ly­sy­ny, tyl­la Gü­nüň mäh­rem ço­gu­ny, ze­mi­ne don bo­lup ýa­zy­lan der­man­lyk ösüm­lik­le­riň mel­hem ysy­ny süň­ňü­mi­ze, ru­humy­za siň­dir­ýär.

Gur­ban­my­rat MU­HAM­ME­DOW,
Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň Mer­ke­zi ge­ňe­şi­niň bö­lüm mü­di­ri.