Gözel tebigatym — sagdynlygym

17 Mart 2024
1439

Saglygyň, arassa howanyň, ýaşyl gözelligiň girewi bolan ekologik howpsuzlygyň ýokary derejesini üpjün edip, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Ýaşyl tokaýlaryň, seýilgähleriň barha köpelmegi raýatlaryň dynç almagy we tämiz howada saglygyny berkitmegi üçin uly ähmiýete eýedir.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen başy başlanyp, asylly däbe öwrülen bag ekmek dabarasy Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli dowam edýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda şeýle asylly däpleriň dowam etmegi biziň kalbymyzda buýsanç duýgusyny döredýär. Ýylyň-ýylyna geçirilýän bu dabaralarda ekilen millionlarça nahallar, täze desgalaryň açylyşynda oturdylýan saýaly, pürli, miweli baglar boý alyp, daş-töwerege gözellik berýär. Bu ýaşyl zolaklar, döredilýän seýilgähler diňe bir gözellik bolman, eýsem, arassa howamyz, saglygymyz we sagdynlygymyzdyr. Elbetde, bagy-bossanlygy we sagdynlygy biri-birinden aýry göz öňüne getirip bolanok. Bagy-bossanlykda, seýilgähde, arassa howada gezip, ýöräp hereket edeňde, göwnüň göterilip, nerw, ýürek-damar ulgamlaryň işi kadalaşýar, gan aýlanyşygy gowulanýar.

Ogulgerek Rahmanowa,
Indira Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy.