Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň gol çeken Kararyna laýyklykda, Türki Döwletleriň Guramasy we oňa agza döwletler bilen hoşniýetli goňşuçylyk, özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan köpugurly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, paýtagtymyzda Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisi geçirildi.
Ilki bilen, 11-nji martda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisiniň çäklerinde duşuşygyň geçirilendigini bellemek gerek. Aksakgallar geňeşi maslahat beriji edara bolup, onuň düzümine Türki Döwletleriň Guramasyna agza ýurtlaryň görnükli jemgyýetçilik işgärlerinden saýlanan ýaşulular girýär. Şoňa görä-de, hormatly Arkadagymyz guramanyň çäklerindäki hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlary beýan etdi.