Durmuşyň bezegi

13 Mart 2024
406

Adamzat taryhynda ykrar edilen tejribä laýyklykda, paýtagt şäher — ýurduň dolandyryş edaralarynyň ulgamyny özünde jemleýän merkez hökmünde möhüm wezipeleri ýerine ýetirýär. Merkezde döwlet ähmiýetli çözgütler kabul edilýär, halkara hyzmatdaşlygyň ýaýbaňlandyrylmagyna aýdyň ýollar açylýar. Aşgabatda hereket edýän ulaglaryň elýeterliligi, aragatnaşyk-infrastruktura, jemgyýetçilik-durmuş hyzmatlarynyň döwrebaplygy, myhman kabul etmek medeniýetiniň ýokary derejede bolmagy göwnüňi galkyndyrýar, paýtagtymyza söýgimizi goşalandyrýar.

Ak mermer paýtagtymyzyň gül goýnunda eziz Diýarymyzyň syýasy we ykdysady wakalary, jemgyýetimiziň medeni-ruhy durmuşynyň derejesi, döredijilik we intellektual mümkinçilikleri, durmuş ýörelgeleri öz beýanyny tapýar. Dünýäniň iň gözel we ýaşamak üçin amatly şäherleriniň birine öwrülen, tebigat bilen sazlaşýan Aşgabat ýyl-ýyldan öz çäklerini giňeltmek arkaly täze ýaşaýyş binalary, durmuş maksatly desgalary bilen ýurdumyza görk berýär, paýtagtymyzda şähergurluşyk wezipeleriniň netijeli amala aşyrylmagy durnukly ösüşiň keşbini şöhlelendirýär.

Ogulşirin ANNABERDIÝEWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby.