Bagy-bossan Diýarym

13 Mart 2024
363

Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, paýtagtymyzyň, obalarymyzyň töwereklerinde ýaşyl zolaklary döretmek boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde her ýylda bag ekmek işleri ýokary derejede guramaçylykly alnyp barylýar. Miweli we saýaly agaçlaryň sanyny köpeltmek arkaly sesleriň, ýeliň güýjüni peseltmek, ýylylygy hem daşky gurşawyň howasynyň adam üçin has arassa bolmagyny gazanmaga uly ähmiýet berilýär. Howamyzyň arassa bolmagy üçin ak ýollarymyzyň ugrunda, dürli seýilgählerde ekilýän agaçlaryň möhüm orny bar.

Diýarymyzyň ösüşiniň täze tapgyrynda ekologiýa ulgamlaryny mundan beýläk-de baýlaşdyrmak, ýaşaýyş-durmuş gurşawyny soňky nesillere göze we göwne ýakymly nusgada galdyrmak döwletiň baş wezipesi hasaplanýar. Täze gurulýan kärhanalar, durky täzelenýän desgalar daşky gurşawa, adamyň saglygyna zyýan ýetmeginiň öňüni almaga ukyply, kämil tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylýar. Önümçilikde hojalyk galyndylarynyň zyýansyzlandyrylmagyna we gaýtadan işlenilmegine, gündelik durmuşda tebigy serişdeleriň tygşytly ulanylmagyna gönükdirilen döwrebap çözgütler kabul edilýär.

Baýramgül BAÝRAMDURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşiniň medeniýet we köpçülikleýin habar beriş bölüminiň esasy hünärmeni.