Ajaýyp baýramçylygyň şanyna

9 Mart 2024
336

Düýn Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Oňa ýurdumyzda zähmet çekýän, bilim alýan öňdebaryjy gelin-gyzlar, şol sanda Türkmenistanyň Gahrymanlary, mähriban eneler, sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen hem-de mynasyp terbiýeläp ýetişdirip, «Ene mähri» diýen hormatly ada mynasyp bolan zenanlar gatnaşdylar.

Dabara Türkmen döwlet medeniýet institutynyň döredijilik toparynyň «Zenan kalbynyň gözelligi» atly edebi-sazly kompozisiýasy bilen açyldy. Akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň «Dünýä sözi meňzär duzsuz tagama,//Söz içinde gelin-gyz hem bolmasa» diýip wasp edişi ýaly, dabarany ajaýyp aýdymlar, şirin mukamlar, gözel tanslardyr süýji arzuwlar we mähirli gutlaglar bezedi.

(Ýörite habarçymyz).
Surata düşüren Meretdurdy ROZYÝEW.