Baýrama mynasyp sowgat

7 Mart 2024
293

Halkara zenanlar güni mynasybetli Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynda Hemra Şirowyň adybir edebi eseri esasynda sahnalaşdyrylan «Ýaşlyk ýelgini» atly spektaklyň görkezilişi boldy.

Guwanç Baýmetowyň sahnalaşdyrmagynda tomaşaçylara hödürlenen spektaklda perdäniň, kölegeleriň we ýagtylygyň üsti bilen gahrymanlaryň pikir-oýlarynyň, başdan geçirýän duýgularynyň we wakalaryň beýan edilmegi has täsirli boldy. Sahnada maşgala we söýgi gatnaşyklarynyň özboluşly sazlaşygy şöhlelenýär. Spektaklda gülküli, dartgynly wakalaryň we şowhunly aýdym-sazlaryň utgaşmasy tomaşaçylary biparh goýmaýar. Söýgä wepalylyk, maşgala mukaddesligine we birek-birege hormat goýmak ýaly asylly häsiýetler çeper keşpleriň üsti bilen beýan edilýär.