«Reňklere siňen gözellik»

7 Mart 2024
400

Ýakynda şeýle at bilen Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda ýaş suratkeşleriň arasynda yglan edilen çeperçilik bäsleşiginiň jemlenilmegine bagyşlanan dabara geçirildi.

Çeperçilik sungatynyň grafika we nakgaş görnüşleri boýunça zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, olary milli döredijilik ruhunda terbiýelemek maksady bilen geçirilen bäsleşige Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň we ýörite sungat mekdepleriniň talyplary hem-de çagalar çeperçilik we sungat mekdepleriniň okuwçylary mähriban enelerimizi, gelin-gyzlarymyzy wasp edýän, olaryň sarpasyny belentde tutýan işleri bilen gatnaşdylar. Dabaraly çärede bäsleşigiň ýeňijilerine Diplomlar we sowgatlar, höweslendiriji baýraklar gowşuryldy.

Ýörite habarçylarymyz.