Muzeýe gezelenç guraldy

7 Mart 2024
564

Şu günler ýurdumyzyň ähli künjeginde giňden bellenilýän Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk çäreleri, döredijilik duşuşyklary, aýdym-sazly dabaralar giň gerimde dowam edýär. Bu şanly sene mynasybetli welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Zenan durmuşyň bezegidir» atly baýramçylyk sergisi guraldy. Onda mährem zenanlarymyzyň medeni mirasymyzy, milli gymmatlyklarymyzy, däp-dessurlarymyzy şöhlelendirýän işleri bilen tanyşdyk. Olaryň sünnäli gollaryndan dörän nepis el işleri, muzeý gymmatlyklary bizde uly täsir galdyrdy. Şeýle hem Türkmenabat şäherindäki çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň çeken suratlary, bagşy-sazandalaryň aýdym-sazly çykyşlary, nusgawy şahyrlaryň zenanlarymyzyň waspyny ýetirýän goşgularynyň labyzly okalmagy tomaşyçylaryň baýramçylyk ruhuny galkyndyrdy.

Gözel EMINOWA,
Türkmenabat şäher Beýik Watançylyk urşy muzeýiniň ylmy işgäri.