Görkana dünýäniň waspy

7 Mart 2024
330

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Halkara zenanlar güni mynasybetli «Zenanlar — gözelligiň dünýäsi» atly sergi guraldy.

Açylyş dabarasynda Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, şahyr Oguljemal Çaryýewa, Aşgabat şäher häkimliginiň ýaşulular geňeşiniň agzalary Gülnara Gairowa, Kümüş Ataýewa, «Türkmen dünýäsi» gazetiniň jogapkär kätibi, Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti Döwrangeldi Agalyýew hem-de Döwlet çeperçilik akademiýasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Azat Annaýew çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda jemgyýetiň ählitaraplaýyn sazlaşykly ösüşini üpjün etmekde zenanlaryň orny, maşgalanyň sütüni bolan eneleriň ahlak gözelliginiň hiç bir zat bilen çalşyp bolmajak mukaddeslikdigi barada durup geçdiler.

Ogulmaral ORAZOWA,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň esasy hünärmeni.