Ösüşli menzilleri nazarlap

6 Mart 2024
265

Golaýda Aşgabat şäher häkimliginiň mejlisler jaýynda şäher häkimliginiň guramagynda «Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ösüş maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde döwletiň we jemgyýetiň bilelikdäki tagallalarynyň ähmiýeti» atly maslahat geçirildi. Oňa Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymlary, Aşgabat şäher saglyk öýüniň lukmanlary, medeniýet we sungat işgärleri, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Çuň many-mazmuna eýe bolan maslahatda çykyş edenler «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça öňümizde durýan möhüm wezipeler dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler. Gahryman Arkadagymyzyň Watanymyzy dünýäniň iň ösen döwletleriniň birine öwürmek baradaky ägirt uly işleriniň häzirki wagtda döwlet Baştutanymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýändigi hakyndaky söhbetler bu maslahatda özüniň mynasyp ornuny tapdy. Belentden ýaňlanan hoş owazly aýdym-sazlar hem göwünleri galkyndyrdy.

Ýörite habarçymyz.