Ruhubelentlige beslendi

6 Mart 2024
193

Ýakynda paýtagtymyzda ýerleşýän «Gül zemin» söwda merkeziniň «Altyn» toý zalynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde guramagynda geçirilen «Ýylyň zenany» atly bäsleşigiň döwlet tapgyry uly ruhubelentlige beslendi. Bäsleşige welaýat, Aşgabat we Arkadag şäher tapgyrlarynda ýeňiji bolan zenanlar gatnaşdylar.

Mähriban halkymyz goja taryhyň dürli döwürlerinde hem zenanlary ýüzüniň tuwagy, ar-namysy, maşgala ojagynyň eýesi hasaplap, olara belent sarpa goýupdyr. Bu günki gün türkmen zenanlarynyň belent sarpasy Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň özlerine goýýan çäksiz hormaty bilen dabaralanýar. Olar eziz Diýarymyzyň, türkmen topragynyň gülläp ösmegi ugrunda özleriniň mynasyp goşantlaryny goşup, döwlet dolandyryş edaralarynda, halk hojalygynyň dürli pudaklarynda, ylym-bilimde, medeniýetde, jemgyýetçilik işlerinde yhlasly zähmet çekýärler.

Maýagözel GOŞAÝEWA,
«Aşgabat».