Zehinli uçurymlaryň konsertleri

6 Mart 2024
234

Her ýyl däp bolşy ýaly, Türkmenabat şäherindäki 2-nji çagalar sungat mekdebini zehinli ýaşlaryň uly topary tamamlaýar. Gutardyş synaglarynyň öňüsyrasynda uçurymlar öz konsertleri bilen çykyş edýärler.

Ýedi ýyl skripka hünäri boýunça halypalardan bilim alyp, bu ugur boýunça zehinini taplan Atajan Orazow hem şeýle bagta eýe bolanlaryň biridir. Ol bu ýerde okan döwründe ussat mugallymlardan köp öwrendi, saz äleminiň kämillik basgançaklaryny geçdi. Halypalary onuň çalýan sazlarynyň ýakymly owazyna ylhamyny çaýyp bilýändigini aýratyn guwanç bilen belleýärler.

Jennet ORAZOWA,
Türkmenabat şäherindäki 2-nji çagalar sungat mekdebiniň mugallymy.