Türkmen-italýan dostlugyndan nyşan

5 Mart 2024
346

Ýakynda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda türkmen-italýan fortepianoçylarynyň bilelikdäki konserti geçirildi. Italiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň açylmagynyň 10 ýyllygyna bagyşlanan bu çäre Halkara zenanlar güni mynasybetli geçirilýän dabaralar bilen hem utgaşdy. Ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi we ilçihana tarapyndan guralan bu konsertde daşary ýurtly nusgawy kompozitorlaryň sazlary belentden ýaňlandy. Şu ýyl iki döwletiň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 31 ýyl dolup, dürli ugurlarda bolşy ýaly, ikitaraplaýyn medeni hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine hem möhüm ähmiýet berilýär.

Konsertde meşhur italiýaly Roberta Di Marionyň we türkmenistanly fortepianoçy Aýlar Saparmyradowanyň ýerine ýetiren şirin owazly sazlary tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy. Saz kompozisiýalary biri-biriniň üstüni ýetirip, tomaşaçylary bu sungatyň jadylaýjy dünýäsine alyp gitdi. Olar diňe bir öz döreden sazlaryny däl, eýsem, meşhur kompozitorlar W.Mosartyň, J.Bahyň, F.Şopeniň, F.Saýyň, E.Morrikonäniň, D.Modunonyň, N.Rotanyň, A.Kazellanyň, N.Paganininiň we F.Listiň dünýä belli sazlaryny ýerine ýetirdiler.

Merýem ŞYHYNÝAZOWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby. Surata düşüren Dörtguly MYRATGULYÝEW.