Zenan suratkeşiň eserinde zenan keşbi

4 Mart 2024
334

Halkara zenanlar gününiň — 8-nji mart baýramynyň ýetip gelýän günlerinde ajaýyp bahary wasp edýän aýdymçydyr sazandalarymyzyň, suratkeşleriň döredijiliginde mähriban eneler, aýal-gyzlar aýratyn orun eýeleýär. Şeýle eserleri döredýän zenanlaryň biri hem Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň binagärlik kafedrasynyň mugallymy Gunça Goçmyradowa bolup, ol bu ýokary okuw mekdebinde onlarça ýyl bäri reňkde we galamda surat çekmek dersinden talyplara sapak berýär.

Suratkeş mugallymyň döredýän eserleri nakgaşçylyk işleri bilen bagly bolup, olaryň hatarynda zenan durmuşy, çaga terbiýesinde ertekileriň orny, halk döredijiligi ýaly temalar ileri tutulýar. «Ene toprak», «Аkpamyk», «Ýartygulak», «Böwenjik» ýaly işler Gunça mugallymyň döredijiliginde uly orun tutýar.

Resul NURGELDIÝEW,
«Watan».