GÖZELLIK DÖREDÝÄN ZENANLAR

4 Mart 2024
624

2024-nji ýylyň mart aýynyň 4-ne Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň,  Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, şeýle-de Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň, Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirliginiň we şekillendiriş sungatynyň sergi merkeziniň bilelikde gurnamagynda Halkara zenanlar güni mynasybetli, “Gözellik döredýän zenanlar” atly ýurdumyzyň zenan suratkeşleriniň şekillendiriş we amaly-haşam sungat eserleriniň bäsleşikli sergisi açyldy. Türkmen halk döredijiliginden alnan gyzykly sahnalar, çuňňur many-mazmunly taryhy wakalar, döwürdeşlerimiziň özboluşly keşpleri, Watanymyzyň gözel tebigaty bu sergidäki eserlerde öz beýanyny tapýar. Sergä 150-den gowrak  zenan suratkeşler öz döredijilik eserleri bilen gatnaşýarlar. Bu ýerde nakgaşlyk, grafika, heýkeltaraşlyk, dizaýn hem-de amaly-haşam sungatlary boýunça döredilen eserleriň 200-den gowragy tomaşaçylara görkezildi. Halkara zenanlar gününe bagyşlanan sergide al-ýaşyl güllere beslenen bahar paslynyň gözel keşbini wasp edýän peýzažlar, Nowruz ýaýlasyny, bereketli topragymyzyň datly miwelerinden düzülen natýurmort eserleri, bagtyýar zamanada ýaşaýan türkmen halkynyň toýdyr-baýramlaryny, milli däp-dessurlaryny şekillendirýän taslama eserleri görkezilýär. Sergide Gunça Myradowanyň “Gelin”, “Joralar”, Oguljeren Babaýewanyň ‘Rodoguna”, “Bilbil aýdym aýdanda”, Laçyn Toýlyýewanyň “Kerwen”, Gülbahar Annagulyýewanyň “Gyzyl kürte”, “Magtymguly Pyragynyň eýýamy”, Gülnäz Rozykulowanyň “Beýik seljuklar”, “Meňli hakynda söhbet” ýaly eserleri ýerleşdirildi.

Gülnara Kurbanmuhammedowa,
Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy, sungaty öwreniji