Medeniýet — dostluk köprüsi

4 Mart 2024
249

Türkmenistanyň A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň döredijilik toparynyň ýakynda welaýatymyzyň Gyzylarbat, Bereket etraplarynda we Balkanabat, Türkmenbaşy şäherlerinde bolup, çagalar hem-de ulular üçin gyzykly sahna oýunlaryny görkezmekleri teatr muşdaklary üçin ajaýyp sowgat boldy.

Tomaşaçylaryň uly gyzyklanma bilen garşylan sahna oýunlarynyň doganlyk halkyň medeniýeti bilen ýakyndan tanyşmaklarynda möhüm ähmiýete eýe bolandygyny aýratyn nygtamak gerek. Medeni hyzmatdaşlyk halklaryň dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da berkidýär. A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň sahna ussatlarynyň nobatdaky döredijilik sapary bu hakykaty ýene bir gezek aýdyň görkezdi.

Nurmämmet HYDYROW,
«Balkan». Surata düşüren Aşyrberdi HOJABERDIÝEW.