Baharda güller açylýar

3 Mart 2024
546

Ynsanyň ýaradylyşy örän täsin. Gözi gara düşüp ugrandan küýsegi owadanlyg-u-gözellik. Şolar ynsanyň kalbyna diňe joşgun bermän, eýsem, onuň ýaşaýyş-durmuşyna hem öz täsirini ýetirýän bolmaly. Alymlaryň köpýyllyk tejribesi adamyň häsiýetiniň, durmuş ýörelgesiniň, ömrüniň onuň dünýä inen topragy bilen gönüden-göni baglanyşyklydygyny subut etdi.

Bahar pasly mylaýym howasy, gülleriň pyntyk ýaryşy we owadan gülleýşi, ýakymly ysy bilen jana tenekar. Baharyň gelmegi bilen tebigat janlanýar. Daglaryň käbir ýeri al-ýaşyl dona bürense, käýeri gyrmyzy gülälekden düşek düşenýär. Bahar pasly gülleriň müşk ysynyň bark urýan, tebigatyň durkunyň we howasynyň täzelenýän döwrüdir.

Leýla EREŞOWA,
Dänew etrabyndaky 32-nji orta mekdebiň mugallymy.