Günüň parçasy ýaly

2 Mart 2024
482

Mürepbeleriň hemmesi hem gowudyr welin, emma erik mürepbesine taý geljegi ýok. Onda hemme zat — hem tagam, hem ys, hem görnüş jemlenipdir.

Iýmek üçin birje çemçäni agzyňa elteniňden, onuň reňki gözüňi dokundyrýar. Azajyk gyzyl goşulan dury sary reňk Günüň reňkine çalym edýär. Agzyňa atanyňdan onuň tagamyndan öň, ysy beýniňe dolýar. Şol wagt adam agzy bilenem ysy duýup bilýär-ow diýersiň. Tagamyny diýsene! Mürepbeleriň içinde erigiň mürepbesi ýaly süýjüsi ýok diýdirýär. Dodaklaryňy ýalap, agzyňy şapbyldadyp durşuňa çemçäni ýene kiçijik tabakdaky mürepbä uzadanyňy özüňem duýmarsyň. Sowuk günlerde irden işe gaýtmankaň, erigiň mürepbesi bilen birje käse çaý içseň, göýä daşardaky sowuk bir ýana giden ýalydyr. Köp garaşdyran tomus pasly çogly Güni bilen ýanyňa gelen ýalydyr. Ylla, agzyňa atanyň owkat däl-de, Günüň bir parçasy ýalydyr. Sebäbi ondan tomsuň ysy gelip dur, «haý» diýmän, çogly Güni, bal ýaly iýmişleri bilen tomus pasly, göwnüňe, ýazyň üstünden ätläp, işigimize geljek ýaly bolup dur. Adam diýeniň geň-ow: sowukda yssyny, yssyda sowugy küýseýär. Ýöne tebigat parasatly. Onda bolmaly zatlar öz nobatynda bolup dur. Gün dogýar, ýaşýar. Agaçlar gülleýär, miwe berýär. Bu yzygiderlilige adam täsir edip bilmeýär. Öz başarnygy bilen onuň lezzetini gaýtadan duýmaga mümkinçilik alýar. Mysal üçin, dürli miwelerden mürepbe gaýnadyp, gyşyň aýazynda tomsuň lezzetini duýup bilýär.

Seýitguly GELDIÝEW.
«Türkmenistan».