Ajap eýýamyň bahary

1 Mart 2024
518

...Alabaharda asmandan ötýän lemmer-lemmer bulutlar kimin, gün yzyna gün, hepde yzyna hepde, aý yzyna aý, ýyl yzyna ýyl geçip, pelegiň gerdişi şo-ol aýlanyp dur, aýlanyp dur. Şunda adamyň bitiren işi, gazanan alkyşly ömri, ýagşy ady galýar. Emma şeýlebir ynsanlar bar, olar özleriniň ismini bakylyga ýaran etmegi başarýarlar, soňra eýýamlar ötüp, döwranlar dönse-de, nesilme-nesil ýatlanýarlar, hatyralanýarlar. Şeýle ynsanlaryň biri-de türkmen halkynyň ruhy seždegähi Magtymguly Pyragydyr. Ine, bu ýylyň şygary-da beýik söz ussadynyň mübärek ady bilen bagly.

Akyldar şahyrymyzyň arzuwlan Garaşsyz Diýarymyza ýene-de ýaz geldi, şu günem onuň ilkinji güni. Ýazyň ýagmyrly, bereketli gelmegi hem bu ýylyň döwre ýaraşykly, düşümli ýyl boljakdygyndan nyşan.

Hemra HUDAÝGULYÝEW.
«Türkmenistan».