Sapaly döwrümiziň joşgunly mukamy

28 Fewral 2024
494

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň ähli ugurlary bilen bir hatarda milli medeniýetimize aýratyn üns berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen medeniýeti» atly kitabynda milli medeniýetimiziň halkyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrmakdaky ähmiýeti ylmy hem pelsepewi taýdan giňden seljerilýär. Alym Arkadagymyz bu ajaýyp kitabynda türkmen sungatynyň naýbaşy nusgasy bolan küştdepdi hakynda şeýle diýýär: «Milli tans döredijiligini küştdepdisiz göz öňüne getirmek mümkin däl. «Küştdepdi» tansy türkmen sungatynyň özboluşly çeper keşbi — idealydyr. Sebäbi bu kämil sungat eserinde milli ýörelgelerimiziň gadymy parçalary saklanyp galypdyr, şol bir wagtda bu tansda döwrebap ruhy öwüşginler öz mynasyp ornuny tapýar. Halkyň ruhy dili, pelsepesi, ýaşaýşa synmaz söýgüsi beýan edilýär».

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe küştdepdi has-da belent derejelere göterildi. Adaty maşgala toý dessurlaryndan başlap, her bir toý-baýram, şatlyk-şagalaň we döwlet derejesinde geçirilýän milli baýramçylyk küştdepdisiz geçmeýär diýen ýaly. Öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan küştdepdi her bir toý-tomaşanyň bezegine öwrüldi. Bu hereketli, sözli halk döredijilik görnüşi köpçülik tarapyndan guralýan aýdymly, tansly halk dessury bolup, onuň esasy häsiýetli tarapy küştdepdiniň köpçülik, ýagny, aýdyjylar — gazalçylar, şeýle hem tans edijiler — küşt depijiler tarapyndan ýerine ýetirilýänligidir. Tansçylaryň şowhunly hereketlerine utgaşyklylykda gazal aýtmaklary bilen birlikde özleri tansa gatnaşman, tansçylaryň gapdalyndan gazal aýdýan ýörite gazalçylar hem bolýar. Bu küştdepdiniň ilki dörän döwürlerinden başlap, häzirki günlere çenli dowam edýän esasy aýratynlygydyr. Küştdepdi toý dessury köpçülik tarapyndan ýerine ýetirilse-de, onuň gazalçylarynyň, şeýle hem tansçylarynyň arasynda öz ussatlyklary bilen aýratyn tapawutlanýan adamlar bolýar. Hazarýaka türkmenleriniň arasynda Molla Bazar diwana, Ysmaýyl Gylyç ogly, Aky Berkeliýew, Gandym Meredow, Geldi Meläýew, Tärli Goturjaýew, Ogulbagt Durdyýewa, Oguljemal Gurbanýazowa, Arazbagt Arazowa ýaly gazalçylar hem-de tansçylar ir döwürlerden başlap, soňky döwürlere çenli il arasynda uly meşhurlyga eýe bolupdyrlar. Ussat gazalçylardyr tansçylar bu dessury nesilden-nesle geçirenlerinde, özlerinden öňki ussatlardan ak pata alypdyrlar.

Gülälek Hangeldiýewa,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri.