Pasyllaryň soltany seýil-seýranda

28 Fewral 2024
541

Bu gün biz örän ýakymly duýgulary başdan geçirýäris. Aýazly-aňzakly gyş bilen hoşlaşýarys. «Gyşy gyşsyramadygyň, ýazy ýazsyramaz» diýlişi ýaly, gyş öz wagtynda hökmüni doly ýöredip bildi. Ýagyn-ygal köp boldy, ene toprak nemlendi, yzgar paýyny aldy. Bu bolsa geljekki bol hasyldan, bereketden nyşan. Ynha, indi gyşyň öz ornuny bahar-ýaza bermeli pursady geldi.

Pasyllaryň hersiniň özüne mahsus aýratynlygy, täsinligi bar. Ýöne pasly-baharyň ynsan üçin arzysy hem, lezzeti hem, ýakymy hem başgaça. Ol — täzelenişiň, ýaşaýşyň buşlukçysy. Hut baharda tebigat gaýtadan janlanyp, gök begrese, gül-jäjege beslenýär. Sähra-düzlerimiz, dag-derelerimiz ajaýyp keşbe girýär. Taňry ýalkan türkmen tebigatynyň bu gözelliklerinden hiç doýup-ganyp bolmaýar. Begenç, şatlyk hem buýsanç kalbyňy gurşap alýar.

Myrat TAGAN ogly,
ýörite habarçymyz.