Nowruzyndan belli bahar

22 Fewral 2024
470

Bu ýyl «Ahyrky garagyş» giç hem bolsa, öz häsiýetine görä, garly ýagşy, doňaklygy getirdi. «Bu ýyl goşa ýaz boljakmyka?!» diýdiren maýyl günleriň yzy birdenkä sowuk howa ýazdy. Munuň özi gyşyň entek tamamlanmandygyny ýatlatdy. Herhal, halkymyzyň milli senenamasy boýunça togsan günläp dowam eden gyş pasly 21-nji fewralda öz ornuny «Çarwa nowruzyna» berýär-de hoşlaşýar. Bu hoşlaşygyň käbir ýyllarda mart aýyna çenli hem dowam etmesi-de bolýar. Çünki pasyl çalşygy ähli döwürde-de dartgynly geçýär. Aýratyn-da, şu ýylky ýaly maýyl gelen ýyllarynda gyş, göýä birden ukudan oýanan ýaly, «Nädäýerkä?» diýdirýär. Görse-baksa, bütin töwerek ýazyň alamatlary bilen gurşalan. Şonuň üçin togsan dolup, ýere ýyly gidensoň, ol bialaç öz ornuny ýaza bermeli bolýar. Bu barada akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň:

Derwüşler köňli jem dursun namaza,
Ýigitler ýygylsyn söhbede-saza,
Ilimiz ulaşsyn sowulmaz ýaza,
Togsan dolup, tamam bolsun gyşymyz! —

Hudaýberen ABRAÝEW.
«Türkmenistan».