Adam, badam we Gün

17 Fewral 2024
507

Ösümlik dünýäsinde, hususan-da, baglarda, onda-da miweli baglarda badam Günüň aşygy. Ol, edil adam ýaly, Günüň ýylysyna mätäç, oňa garaşýar hem onuň süňňüne ýyly aralaşandygy gülgüne ak reňkli güllerinden aňdyrýar. Hawa, Türkmenistanda badam ilki bolup gülleýän agaç. Ol gyş pasly çykyp-çykmanka gülleýär. Şol gülleri bilenem adamlaryň göwnüni göterýär.

Ozallar badam diňe dagda hem dagetek ýerlerde bitýändir öýderdik. Görüp otursak, ol şäherde-de gögerýän eken. Birnäçe düýbi Aşgabadyň ozalky Sergi köşgüniň (häzirki Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi) howlusynda, açyk asmanyň astynda gögerip, gülläp otyr. Şol badam nahallary Sumbar jülgesinden getirilip oturdylypdyr. Badama mes toprakly ýer hökman däl. Ol daşlyk ýerde-de bitýär. Magtymguly etrap merkezinden Ýokary Sumbara barýarkaň, ýoluň gyrasynda, dagyň eteginde gül açan badam agaçlary gyş bilen ýazyň sepgidinde seretmäge-synlamaga juda ýakymly. Olary görüp, göwnüň aram tapýar, basym ýazyň geljekdigine begenýärsiň hem-de islendik pasylda-da owadan görünýän türkmen topragynyň has görklenjekdigine ynanýarsyň. Şuny göz öňünde tutsaň, badam agajyna ýazyň buşlukçysy diýseň hem bolar.

Seýitguly GELDIÝEW.
“Türkmenistan”.