Halypa suratkeş

15 Fewral 2024
341

Sungatyň çuňňur ummanyna siňip, ajaýyp eserleri döredýän ägirtleriň biri hem Türkmenistanyň halk suratkeşi Babageldi Owganowdyr. Halypa suratkeşiň eserleri taryhy wakalary, milli gymmatlyklarymyzy hat bilen däl-de, reňkler bilen açýan hakyky nusgalyk eserlerdir.

Babageldi Owganow 1946-njy ýylyň 25-nji martynda Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynda eneden dogulýar. Ol bäş ýaşynda eline galam alyp, dürli zatlaryň suratyny çekip başlaýar. Mekdep ýyllarynda gazetlere we çaphanalara olaryň sargytlary esasynda özüniň çeken suratlaryny tabşyrypdyr. Ussat suratkeş Yzzat Gylyjow bu erjel oglana galam tutmagyň, onuň bilen nähili işlemegiň, reňk almagyň aýratynlyklaryny, dürli usullaryny öwredipdir, maslahatlaryny beripdir.

Maýsa BERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyby.