Türkmen halysyndaky altyn ölçegler

14 Fewral 2024
356

Ýakynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz halyçylyk sungatyny ösdürmek we öndürilýän haly önümleriniň görnüşlerini köpeltmek, täze nagyşlary, gölleri döretmek hakynda aýtdy. Hususan-da, gadymy türkmen göllerini dikeltmek boýunça işleri dowam etdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Pazyryk halysynyň hakyky türkmen halysydygy baradaky hakykat nähili delillerde aýdyň görünýär?! Ynha, türkmeniň otparazlyk döwründe gyzyl otdan gyzyl reňk alan halylarymyzyň düşeginiň gyzyl bolşy ýaly, 1949-njy ýylda Altaýyň 5-nji Pazyryk gorganyndan, baky doňaklygyň astyndan tapylan miladydan öňki V asyra degişli bolan bu halynyň hem düşeginiň reňki gyzyldyr. Beýleki halklaryň hemmesiniň nagyş sungatynyň esasynda aýlawlylyk, tow-egremlilik ýatan bolsa, bu gadymy halynyň nagyşlarynyň gurluşyna hem, ähli türkmen halylarynda bolşy ýaly, berk geometrik ülňüler mahsusdyr. Pazyryk halysyndaky nagyşlaryň keramiki önümlerimizdäki nagyşlar bilen meňzeşligi ýa-da türkmen tahýalarymyzdaky, keçelerimizdäki, şaý-seplerimizdäki, mukaddes tamdyrlarymyzdaky nagyşlar bilen meňzeşligi akylyňy haýran edýär. Alaja nagyşlarynyň bolsa, iki döwrüň halylarynda hem şol durşy üýtgemändir.

Ada GUTLYÝEW,
Türkmenistanyň halk suratkeşi.