Kakao — şypaly içgi

14 Fewral 2024
899

Adamlaryň aglabasynyň çaýdyr kofäni halaýandygy jedelsizdir. Ynsan saglygyna ýetirýän oňyn täsiri, peýdasy boýunça çaýdyr kofeden gaýra durmaýan ýene bir içgi bar. Ol kakaodyr. Onuň peýdalydygyna dürli ýurtlarda geçirilen barlaglar hem aýdyň şaýatlyk edýär.

Kakao damarlary berkitmekde, ýüregiň işleýşini gowulandyrmakda iň gowy içgileriň biridir. Onuň täsiri bilen gandaky zyýanly holesteriniň derejesi peselýär, gan basyşy kadalaşýar, damarlaryň sütünleriniň çeýeligi ýokarlanýar.

Jeren ATAMYRADOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.