Aýdym-sazly dabara

14 Fewral 2024
462

Golaýda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy mynasybetli, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda «Sözlär tili türkmeniň» ady bilen aýdym-sazly dabara geçirildi. Aşgabat şäher hem-de Berkararlyk etrap häkimlikleriniň bilelikde guramaklarynda geçirilen bu çäre turuwbaşdan ruhubelentlige beslendi. Dabarada Türkmenistanyň halk artistleri Halbike Dowyýewa, Nury Hudaýgulyýew, Batyr Hojagulyýew, Mähri Annageldiýewa hem-de Türkmenistanyň at gazanan artisti Gülşirin Annamyradowa dagy akyldar şahyryň sözlerine döredilen aýdymlary ýerine ýetirdi. Ýüreklerde ýer eden aýdymlar tomaşaçylaryň joşgunly el çarpyşmalaryna mynasyp boldy. Türkmenistanyň at gazanan artisti Ýagmyr Gurbannazarowyň söz ussadynyň goşgularyny ussatlyk bilen okamagy dabara özboluşly öwüşgin çaýdy. Teatryň döredijilik topary «Magtymguly» atly edebi-sazly kompozisiýa bilen şowly çykyş etdi.

Milli we dünýä edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň goşgularynda ajaýyp zehin, ýokary kämillik sazlaşykly utgaşýar. Ynsanperwerlik ruhy, agzybirlige çagyryş bu eserleriň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Bu dabara beýik ussadyň edebi mirasynyň ähli döwürleriň egsilmez ylham çeşmesi bolup durýandygyny ýene-de bir gezek tassyklady. Dabarada «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ynamly gadamlaryny, mähriban Watanymyzy, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda beýik ösüşlere beslenýän ajaýyp döwrümizi wasp edýän aýdymlar hem belentden ýaňlandy.

Baýnazar BAÝHANOW.
«Türkmenistan».