Nesil terbiýesi: ahlak gözelligi

12 Fewral 2024
336

Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy we döredijiligi özüniň köpugurlylygy bilen tapawutlanýar. Akyldaryň eserlerinde watansöýüjilik, mertlik, adalatlylyk ýaly adamzadyň ykrar eden iň gowy gylyk-häsiýetleri bilen bir hatarda ýaş nesilleriň tälim-terbiýesi hakynda hem iňňän gowy düşünjeler we pikirler beýan edilýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň türkmen halkynyň, esasan hem, ýaş nesilleriň terbiýesine täsiriniň uludygy hakynda şeýle diýýär: «Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy geljek nesillere baý edebi miras galdyrypdyr. Onuň döredijiligi, sözüň doly manysynda, türkmen halkynyň milli baýlygyna, ruhy hazynasyna öwrüldi. Şahyryň eserleri indi üç ýüz ýyla golaý wagt bäri halka hyzmat edip gelýär. Şeýle hem, ol edebiýat meýdanynda ençeme şahyrlar, şol sanda edebiýat bilen meşgullanýan türkmen ýaşlary üçin hem uly döredijilik mekdebine öwrüldi». Hut şu nukdaýnazardan akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dabaraly bellenilip geçiljek ýyly «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyryldy.

Adamzat başdan geçiren taryhy döwürleriniň ählisinde hem belent mertebeli kämil nesli kemala getirmek meselesine aýratyn üns beripdir. Türkmen halky ruhy-ahlak meselelerinde ata-babalarymyzyň gadymdan gelýän ýol-ýörelgelerini, däp-dessurlaryny we edim-gylymlaryny yzygiderli dowam etdiripdir hem-de kämilleşdiripdir. Jemgyýetde ynsanyň ruhy-ahlak gymmatlyklaryny sazlaşykly ösdürmek ýaly wajyp mesele milli aýratynlyklarymyzyň tapawutly taraplary göz öňünde tutulyp dowam etdirilipdir. Magtymguly Pyragynyň «Türkmen binasy» atly goşgusynda:

Ymammuhammet SEÝIDOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň talyby.