Türkmenistan we TÜRKSOÝ köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýärler

12 Fewral 2024
232

6-njy fewralda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň Türki döwletleriň medeniýet boýunça halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultanbaý Raýew bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň gün tertibine Türkmenistan bilen TÜRKSOÝ-yň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri girizildi we geljegi uly bolan ugurlar kesgitlenildi. Duşuşygyň barşynda medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň türki dilli döwletleriň arasynda syýasy-diplomatik we söwda-ykdysady gatnaşyklary ýola goýmakda ähmiýetli gural hökmünde çykyş edýändigi bellenildi.