Wa­ta­nyň da­ýan­jy­na de­ňe­len ýaş­lar

12 Fewral 2024
351

«7/24. tm» № 07 (194), 12.02.2024

Her bir yn­san üçin ki­tap­dan uly sow­gat ýok­dur. Onuň ga­dyr-gym­ma­ty, äh­mi­ýe­ti, baý­ly­gy hiç bir sow­gat­dan pes­lär ýa­ly däl. Ta­ryh­da ata-ba­ba­la­ry­myz ki­tap bi­len bir­lik­de ki­ta­by köp oka­ýan, ki­ta­ba hor­mat goý­ýan yn­san­la­ra hem uly ga­dyr go­ýup­dyr­lar. Se­bä­bi ki­tap yn­sa­nyň akyl-dü­şün­je­si­niň, ede­bi­niň, dün­ýä­ga­raý­şy­nyň kä­mil­leş­me­gi­ne uly iter­gi ber­ýän­di­gi­ne göz ýe­ti­rip­dir­ler. Şol se­bäp­li-de, ki­ta­byň ada­myň ru­hy dün­ýä­si­ni baý­laş­dyr­mak­da, onuň dün­ýä­si­ni gö­zel­leş­dir­mek­de äh­mi­ýe­ti diý­seň ulu­dyr.