Türkmen zenany – döwletliligiň eýesi

10 Fewral 2024
205

Zenan zynaty hakda söz açylanda, ilki bilen parasatly pederlerimiziň agraslygyny, päkizeligini göz öňünde tutup, olary mähek daşyna deňeýişleri dile getirilýär. Owadanlyk, näziklik babatda-da mähek daşyna çalymdaş zenanlar maşgalanyň, giden oba-kendiň, tutuş zeminiň hem zynaty hasaplanylýar. Zenan diýlende beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan baý nesli kemala getirmäge ömrüni bagyş edýän eneler aýratyn hormata mynasypdyr. Gadymdan bäri türkmen zenanlary, eneleri maşgala ojagynyň mukaddesligini saklamagyň, çagalary terbiýelemegiň nusgalyk ýörelgelerini döredip, biziň günlerimize ýetiripdirler. Ojagyň mukaddesligi, ata-enä we maşgaladaky uly ýaşlylara bolan hormat, sadalyk, zähmetsöýerlik ýaly halkymyz üçin adaty bolan ahlak häsiýetleri öz gözbaşyny maşgaladan alyp gaýdýar.

Edep-ekramy, arassaçyllygy, el işine ezberligi zenan maşgalany bezeýän esasy häsiýetler hasaplanylýar. Şuňa laýyklykda gadymy döwürlerden bäri zenan mertebesine sagdyn ýaşaýşyň kemala gelmeginiň zerur şerti hökmünde garapdyrlar. Olaryň jemgyýetiň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşini üpjün etmekdäki ornuna ýokary baha beripdirler. Bu barada Gahryman Arkadagymyz “Enä tagzym - mukaddeslige tagzym” atly eserinde: “Türkmen maşgalasynda edep-ekramy, asyllylygy, mähremligi bilen ýaşlar üçin görelde bolýan käbelerimiz tükeniksiz döwletiň-döwletliligiň eýesidir” diýip belleýär. Häzirki günde hem zenan maşgalalar mukaddes ojagyň synmaz sütüni, ahlak gözelliginiň nusgasy hasaplanylýar.

Hurmagül REJEPOWA
Çärjew etrabynyň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdebiniň taryh mugallymy