Pederleriň ýoly bilen

8 Fewral 2024
168

Halkymyz edep-terbiýä döwletliligiň esasy çeşmeleriniň biri hökmünde garaýar. Pederlerimizden miras galan nakyllar bolsa çagalarda irki ýaşdan başlap, oňat häsiýetleri terbiýelemäge ähmiýet berlendigini subut edýär. Ata-babalarymyzyň nesil terbiýelemek ýörelgesine ygrarly halkymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem bu ugura aýratyn üns berýär. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň röwşen nuruny boldan eçilýän günlerinde hormatly Prezidentimiz tarapyndan bagtyýar nesillerimiz hakyndaky üns-alada barha rowaçlanýar. Ýurdumyzyň ähli künjeginde bilim-terbiýäniň esasy ojagy hasaplanylýan mekdeplerde çagalara ýaşlykdan başlap, asylly terbiýe, dünýä ülňülerine laýyk gelýän bilim bermek ugrunda ähli zerur şertler döredilendir.

Kuwwatly geljegi üpjün etjek ýaş nesilleri ata Watana wepaly, halka gerekli, arassa ahlakly, berk bedenli, zähmetsöýer, sowatly, däp-dessurlara hormat goýýan, giň dünýägaraýyşly adamlar edip ýetişdirmek şu günüň wajyp meseleleriniň biri hökmünde orta çykýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde ýaş nesliň kämil keşbini kemala getirmek babatda jemgyýetde alnyp barylýan işlere döwlet syýasatynda möhüm orun berilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz özüniň ilkinji kitabyny hem ýurdumyzyň ýaş nesline bagyşlap, “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” diýip at berdi. Çünki, ýaşlar baradaky alada hormatly Prezidentimiziň häzirki we geljekki nesilleriň eşretli durmuşyny üpjün etmegiň hatyrasyna durmuşa geçirýän öňdengörüjilikli ynsanperwer we parasatly syýasatynyň aýdyň beýanydyr. Türkmen ýaşlaryny ata-babalarymyzyň göreldesine eýerip, milli ruhda terbiýelemek, şol bir wagtyň özünde dünýä ölçeglerine laýyk gelýän tehnologiýalardan baş çykarýan bilimli adamlar edip ýetişdirmek ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň baş maksatlarynyň biridir.

Narsoltan AHMEDOWA
Çärjew etrabynyň 43-nji orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy, Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň işjeň agzasy