Änew — gadymy medeniýetiň merkezi

10 Fewral 2024
758

TÜRKSOÝ halkara guramasy tarapyndan 2024-nji ýylda Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi bagtyýar watandaşlarymyzyň buýsanjyny goşalandyrdy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen medeniýetini, sungatyny ösdürmek, döwrebap, kämil eserler bilen baýlaşdyrmak, ýurdumyzyň şöhratly taryhyny öwrenmek hem-de milli baýlyklarymyzy dünýäde wagyz etmek boýunça uly işler alnyp barylýar.

TÜRKSOÝ halkara guramasy 1993-nji ýylda türki halklaryň umumy maddy we medeni gymmatlyklaryny ösdürmek, miras baýlyklaryny aýawly saklamak, ýaş nesillere geçirmek, olaryň umumadamzat ähmiýetini dünýäde wagyz etmek hem-de türki medeniýetli halklaryň arasyndaky gatnaşyklary has-da ösdürmek maksady bilen döredildi.

Agamyrat BALTAÝEW,
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň bölüm başlygy, taryh ylymlarynyň kandidaty.