Döredijilik duşuşygy geçirildi

9 Fewral 2024
535

Şu gün Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda Türkmenistanyň halk ýazyjysy Orazguly Annaýewiň we «Biznes-reklama» gazetiniň baş redaktory, şahyr Seýitmyrat Geldiýewiň gatnaşmaklarynda döredijilik duşuşygy geçirildi. Oňa welaýatymyzyň etrap-şäherlerinden gelen döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlar hem-de Türkmenabatdaky ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyplary gatnaşdylar.

Görnükli şahyrlar bu duşuşygy soňky birnäçe hepdäniň dowamynda eýýäm ýurdumyzyň dördünji welaýatynda geçirýärler. Mundan ozal olar Ahal, Balkan we Daşoguz welaýatlarynda hem saparda bolup, döredijilige baş goşan ýaşlar bilen duşuşdylar. Döredijilik duşuşyklary öz gözbaşyny Gahryman Arkadagymyzyň geçen aýda Mary welaýatyna amala aşyran iş saparynda orta atan teklibinden alýar. Şol saparyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri ýurdumyza belli ýazyjy şahyrlaryň ýerlerde ýaş döredijiler bilen duşuşyklary geçirmeginiň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň many-mazmunyna kybap geljekdigini aýdypdy.

Surata düşüren Merdan ORAZOW.