Asuda Watany arzuwlan şahyr

8 Fewral 2024
332

Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly eserinde: «Bagtyýar zamanamyzda alyp barýan ajaýyp işlerimiz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagyna, ýaşlarymyzyň sagdyn, bilimli bolup ýetişmeklerine gönükdirilendir» diýýär. Akyldar şahyrymyz hem özüniň goşgularyna siňdiren kämil pikirlerinde Watanly, döwletli bolmak arzuwlaryny öňe sürýär. Şahyryň waspyny ýetirýän, milliligimize mahsus bolan agzybirlik, ynsanperwerlik, mertlik, gaýduwsyzlyk, syr saklamagy başarmak ýaly ençeme ajaýyp häsiýetleriň ählisi Milli Liderimiz bilen Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaş nesillere rowa görýän häsiýetleriniň iň naýbaşylary dälmi näme?!

Magtymguly Pyragy şygyrlarynda halky döwletlilik suprasynyň daşynda jem halda görmegi, olaryň agzybirlik bilen bir maksada gulluk etmegini isläpdir. Berkarar döwleti arzuwlapdyr.

Döwran AMANMYRADOW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň bölüm müdiri, polisiýanyň maýory.