Özboluşly sungat baýramçylygy

8 Fewral 2024
290

5-nji fewralda paýtagtymyzda Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet ýylynyň ýapylyş dabarasy geçirildi. Iki dostlukly döwletiň Baştutanlarynyň başlangyjy bilen geçirilen döredijilik çäresi dostlukly halklaryň medeni gatnaşyklarynyň ösüşine möhüm goşantdyr.

Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet ýylynyň ýapylyş dabarasy mynasybetli Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüne dostlukly ýurduň sungatynyň köp sanly muşdaklary ýygnandylar. Bu waka mynasybetli dostlukly döwletiň wekilçilikli topary ýurdumyza geldi. Onuň düzüminde ugurdaş edaralaryň ýolbaşçylary we işgärleri, aýdym-saz, tans sungatynyň ussatlary, akrobatlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri — «Ženmin Žibao» gazetiniň, «Sinhua» habarlar agentliginiň žurnalistleri bar.