Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna

8 Fewral 2024
619

Golaýda Mary şäheriniň Magtymguly köçesiniň ugrunda ýerleşýän Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň öňündäki meýdançada 2024-nji — “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly mynasybetli dabaraly çäre geçirildi. Welaýat häkimliginiň guramagynda geçirilen täsirli çärä il sylagly ýaşulular, mährem eneler, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri, talyp ýaşlar hem-de Mary şäheriniň bagtyýar ýaşaýjylary gatnaşdylar. Kalplarda ýakymly täsir galdyran dabara gatnaşyjylar, ilki bilen, bu ýerde guralan sergini synladylar.

Soňra Marynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň artistleriniň “Sözlär tili türkmeniň” atly edebi-sazly kompozisiýasyna tomaşa edildi. Dabarada Ýolöten etrabynyň ýaşaýjysy, Türkmenistanyň hormatly il ýaşulusy Hezretguly Öwlüýägulyýew, Wekilbazar etrabynyň ýaşaýjysy Nurjemal Muhammedowa, Hydyr Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy Nartäç Ýusupdurdyýewa, Sakarçäge etrabyndaky 27-nji orta mekdebiň mugallymy Gunça Amansähedowa, Mary şäherindäki 3-nji orta mekdebiň mugallymy Zylyha Ýazberdiýewa we beýlekiler çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligi, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şahyra goýýan belent sarpasy dogrusynda täsirli gürrüň berdiler we göwün ganatlandyryjy goşgularyny okadylar.