«Gökje kepderä» saz teswirini ýazan ussat

7 Fewral 2024
328

Bellibir ýazyjynyň, şahyryň ýa-da halk döredijiligine degişli meşhur edebi eseriň many-mazmunyny, ajaýyp gözelligini müň dürli owazlar arkaly teswirlemek däbi dünýä saz medeniýetinde gabat gelýär.

Dünýä sazynda, beýleki döredijilik däplerine garanyňda, has seýrek gabat gelýän bu usuly beýik türkmen mukamçysy Kel bagşynyň örän jaýdar ulanyp, milli medeniýetimize girizendigini aýratyn nygtasymyz gelýär. Magtymguly Pyragynyň «Hökmi daweri» ýa-da «Gökje kepderi» diýlip atlandyrylýan poemasy esasynda döreden «Kepderi» atly sazy türkmen dutarçylyk sungatynyň ýokary derejede ykrar eden eserine öwrüldi. Hormatly okyjy, indi bu mukamyň döreýşi dogrusyndaky söhbede gulak goý!

Amanöwez SAPAROW,
Türkmenistanyň halk artisti, sazşynas.