Medeniýet — milletiň mertebesi

7 Fewral 2024
297

5-nji fewralda paýtagtymyzyň gözel künjegindäki Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet ýylynyň ýapylyş dabarasy boldy. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Hytaý Halk Respublikasynyň medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň we dostlukly ýurduň Türkmenistandaky ilçihanasynyň bilelikde guramagynda geçirilen dabara iki halkyň hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagynda şanly waka öwrüldi. Bu ýerde guralan çykyşlarda iki dostlukly ýurduň döwlet Baştutanlarynyň tagallasy bilen syýasat, medeniýet, ylym-bilim we halk hojalygynyň dürli ulgamlary boýunça hyzmatdaşlygyň uly rowaçlyklara beslenýändigi babatda uly buýsanç bilen bellenildi. Şunda medeni gatnaşyklaryň ýygjamlaşmagynyň doganlyk hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde aýratyn ähmiýete eýedigi nygtaldy.

Doganlyk halkyň medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren gadymy we häzirki zaman hytaý aýdym-sazlary, tanslary, milli däp-dessurlaryny inçelik bilen şöhlelendirýän çykyşlary dabara gatnaşyjylarda ýakymly duýgulary döretdi. Hytaýyň dürli sebitleriniň milli lybaslary bilen geýnen zenanlaryň täsin keşpleri, özboluşly hereketleri tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy. Iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň başlangyjy bilen geçirilýän döredijilik çäresi ildeşlerimiziň hytaý halkynyň täsin sungaty, milli däp-dessurlary, medeni gymmatlyklary, gazananlary bilen tanyşmakda, tejribe alyşmakda, dost-doganlygyň pugtalandyrylmagynda möhüm meýdança öwrüldi. Hytaýly myhmanlar möhüm dabarany guramaçylykly, işjeň ýagdaýda, netijeli geçirmäge döredilen köpugurly mümkinçilik üçin hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýtdylar.

«Aşgabat».