Türkmenistan — ÝUNESKO: milli gymmatlyklarymyz buýsandyrýar

7 Fewral 2024
377

Türkmen halky medeniýete, sungata, aýdym-saza, däp-dessurlara, edim-gylymlara, çeper söze uly sarpa goýýan halk. Bu gadymy döwürlerde-de şeýle, häzirki wagtda hem şeýle bolmagynda galýar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen, ýurdumyzda alnyp barylýan işleriň netijesinde, medeniýetimize, sungatymyza bolan sarpa has-da berkeýär. Ýer ýüzündäki her bir milletiň, halkyň özboluşly medeniýeti, sungaty bar. Şolar bolsa halkyň ýüzi, ruhy aýnasy. Türkmen halkynyň şol ruhy aýnasy köpöwüşginliligi bilen kalplara siňýär.

Şöhratly geçmişimiziň, häzirki bagtyýar zamanamyzyň, bagtly durmuşymyzyň çeper keşbini, beýanyny açyp görkezmekde medeniýetiň we sungatyň aýratyn orny bar. Durmuş hakykatyny çeper beýan edip, adamlaryň aňyna ornaşdyrmakda, adamyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrmakda çeper sözüň täsiri örän uludyr. Şonuň üçin ol kalplarda öçmejek yz goýup, sungatyň, çeper sözüň gymmatyny has-da artdyrýar. Türkmen edebiýatynyň almaz täji hasaplanýan Magtymguly Pyragynyň döredijiligine uly hormat goýulýan zamanada Fransiýanyň Pariž şäherinde geçirilen ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň 216-njy mejlisinde Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumyny bu guramanyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizmek hakyndaky çözgüdiň biragyzdan kabul edilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Laçyn KULIÝEWA,
Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň mugallymy.