Gökpatlawuk

7 Fewral 2024
445

Her bir ýurduň syýahatçylyk ulgamynda onuň tebigy künjekleri we gadymy ýadygärlikleri uly ähmiýete eýedir. Olar özüne mahsus aýratynlyklary bilen tapawutlanýar. Türkmenistanyň çägindäki taryhy ýadygärlikler, tebigy täsinlikler dünýä jahankeşdeleriniň hem ünsüni çekýär. Şol täsin ýerleriň hatarynda günbatar Türkmenistanda ýerleşýän läbik wulkanlar-da bar.

Diýarymyzyň günorta-günbatarynda ýerleşýän iň uly patlawuk «Gökpatlawukdyr». Ýylsaýyn ýokary galýan bu täsin läbik patlawugyň döreden konusa çalymdaş dagynyň esasy ýaýrawy 1,5 kilometre ýetýär. Patlawugyň beýikligi 70 metrden-de geçýär. Ol «Gaýnagdepe» läbik patlawugyndan 70 kilometre golaý demirgazykda, Hazar deňziniň kenaryndan 8 kilometr uzaklykdadyr. «Gökpatlawuk», Ekerem tarapdan seredeniňde, has täsin görünýär. Onuň hanasynyň içi bir görseň suwdan doldurylmadyk oýuk çukura meňzeýär, käte bolsa agzyna çenli läbikden dolup, ýokarsyndan çogup çykýan läbik patlawuga öwrülýär. Bu ýerdäki patlawuklaryň sanynyň ikidigi we olaryň iki gezek orunlaryny üýtgedendikleri geçirilen barlaglaryň netijesinde ýüze çykaryldy. Läbik patlawuga mahsus çökündi gatlaklaryň bardygy-da anyklanan ýagdaýdyr. Geçirilen barlaglar alymlara «Gökpatlawugyň» häzirki agzynyň golaýyndaky ilkinji gözbaşynyň birnäçe million ýyl mundan öň bolandygyny anyklamaga mümkinçilik beripdir. Öz ornuny üýtgeden hana häzirki wagtda «Gökpatlawugyň» depesini emele getirip, ony ýyl-ýyldan beýgeldýär.

Hojaberdi BAÝRAMOW.
«Türkmenistan». Surata düşüren Andreý PAKULOW.