Repetegiň sazaklary

3 Fewral 2024
524

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen tebigatynyň görküne görk goşýan Garagum sährasynyň özboluşly ösümlik dünýäsini öwrenmekde yzygiderli işler durmuşa geçirilýär. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen «Repetek» döwlet biosfera goraghanasynyň hem özboluşly sähra meýdanyna mahsus ösümlikleri bar.

«Repetek» döwlet biosfera goraghanasy 1927-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda Garagumuň jümmüşinde ösüp ýetişýän gara sazakly tokaý meýdanlaryny goramak, ylmy esasda öwrenmek, dikeltmek we geljek nesillere ýetirmek maksady bilen döredilen. Tutýan meýdany 34 müň 600 gektar bolup, deňiz derejesinden 180 — 220 metr beýiklikde ýerleşýär. Goraghananyň çäginde «Ýaman tokaý» gara sazakly jülgesi, Repetek Saharasy, «Demirgazyk jülge», «Günorta jülge», «Çarlak» tokaýlary ýaly birnäçe sazakly meýdanlar ýaýylyp ýatyr.

Aziza FURKATŽANOWA,
«Repetek» döwlet biosfera goraghanasynyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.