Burma şahly täsin jandar

2 Fewral 2024
548

Ýurdumyzyň gündogar-günortasynda ýerleşýän Köýtendag barada aýtsak, onuň ady relýefiniň özüne mahsus aýratynlygyny örän jaýdar häsiýetlendirýär. Ol «kuhi» (pars) we «teň» (türki) sözlerinden gelip çykyp, «geçmesi kyn dag» diýen manyny aňladýar. Hakykatdan-da, bu daglyk ýerler köp sanly jülgedir dereler bilen dilkawlanan. Olaryň iň uzyny Hojaçilgez babadyr (28 km). Has owadany Daraýydere bolup, onda grek hozundan, üzümden, kawkaz dagdanyndan, injirden, sütükli kerkawdan, zerewşan arçasyndan ybarat tokaýlyk ýerleşýär. Gün şöhlesi düşmeýän agaçlaryň aşagynda ýylyň bütin dowamynda sowuk suwly dury çeşme akyp ýatyr. Belentligi 27 metr bolan täsin şaglawukly, şeýle hem eňňitleri kert darajyk Umbardere jülgesi görenleri haýran galdyrýar.

Şeýle dag gerişlerini synlaýarkaňyz, owadan şahly jandara gözüňiz düşüp biler. Bu üýtgeşik jandar dag tekesi, ýagny umga diýlip atlandyrylýar. Burma şahly umgalar goşatoýnaklylar toparyna, gyn şahlylar maşgalasyna degişlidir. «Düýbünden ýitip barýan görnüş» derejesi berlenligi sebäpli, olar Tebigaty we tebigy baýlyklary goramagyň halkara bileleşiginiň Gyzyl sanawyna (TGHB) hem-de Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň sanawyna, şeýle hem ýitip-ýok bolmak howpy abanýan ýabany ösümlik we haýwan görnüşleriniň halkara söwdasy baradaky konwensiýanyň (CITES) sanawyna girizilendir.

Akmyrat REJEBOW,
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň hünärmeni.