Tebigat

31 Ýanwar 2024
468

«Bereketli Garagum» — gözellik mekany

Hormatly Prezidentimiziň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe tebigaty goramak, ekologiýany gowulandyrmak boýunça amala aşyrýan sebit we dünýä ähmiýetli işleri diňe bir ata Watanymyzda däl, eýsem halkara derejede-de giňden goldanylýar, ykrar edilmegine mynasyp bolýar. Geçen ýylyň güýzünde Türkmenistanyň Özbegistan we Täjigistan Respublikalary bilen bilelikde hödürlän «Beýik Ýüpek ýoly: Zerewşan — Garagum geçelgesi» hem-de Türkmenistanyň Özbegistan we Gazagystan Respublikalary bilen bilelikde hödürlän «Aram guşaklykdaky Turan çölleri» atly köptaraplaýyn hödürnamalarynyň, ýurdumyzyň «Bereketli Garagum», «Gaplaňgyr» döwlet tebigy goraghanalarynyň, «Repetek» döwlet biosfera goraghanasynyň we onuň «Ýerajy» çäkli goraghanasynyň çöl ekoulgamlarynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi munuň şeýledigini ýene-de bir gezek aýdyň subut etdi.

Sahypany taýýarlan Gutlymyrat AŞYROW,
«Daşoguz habarlary».