Milli mirasymyza sarpa

21 Ýanwar 2024
649

Eziz Diýarymyzy ösüşiň täze belentliklerine ýetirýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli mirasymyz, şöhratly taryhymyz dünýä ýaýylýar. Ýurdumyzyň ähli babatda gülläp ösmegi we halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy, milli medeniýetimiziň dünýä ýaýylmagy biziň her birimizi buýsandyrýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem nusgawy edebiýatymyza aýratyn üns berilýär.

Nusgawy edebiýatyň gymmatlyklary, esasan hem Magtymguly Pyragynyň döredijiligi türkmen halkynyň durmuşynda, ýaşlaryň terbiýesinde uly orny eýeleýär. Sebäbi akyldar şahyryň döredijiligi ýaşlaryň kämilligi üçin, milli terbiýe üçin gymmatly hazynadyr. Şonuň üçin hem häzirki ajaýyp döwrümizde halkymyzyň asylly ýörelgesi mynasyp dowam etdirilýär. Munuň özi nesillere uly mirasdyr. Milli gymmatlyklar, nusgawy edebiýatymyz ýaşlary bilim öwrenmäge hem ruhlandyrýar. Şonuň üçin hem «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny wagyz etmek, ýaşlara şahyryň goşgularynyň many-mazmunyny düşündirmek biziň her birimiziň mukaddes borjumyzdyr.

Perman SAPAROW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň baş hünärmeni.