Belent üstünlikleriň şuglasy

16 Ýanwar 2024
538

Häzirki döwürde durmuşa geçirilýän beýik işler her birimizi buýsanja besleýär, köňülleri nurlandyrýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny ruhubelentlik, uly şatlyk bilen garşy alan eziz Diýarymyzyň her bir güni täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär.

Ýurdumyzyň alyp barýan hoşniýetli syýasaty dürli ýurtlar bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmäge gönükdirilendir. Şunda milli medeniýetiň, medeniýet diplomatiýasynyň ösdürilmegi aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Çünki medeni gatnaşyklaryň berkidilmegi halklaryň arasynda dost-doganlygy ösdürýär, halkara gatnaşyklarynyň röwşen geljegini üpjün edýär. Şu ajaýyp ýylymyzda hem medeniýet diplomatiýasy has-da rowaçlanar, çünki «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda milli gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikler döredilýär.

Allamyrat BAÝRAMOW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň uly mugallymy.