«Aýa döndi»

15 Ýanwar 2024
425

Çarymyrat Ýazmyradow 1975-nji ýylda Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynda dogulýar. Ol ýaşlygyndan surat çekmäge höwesli bolupdyr. Bu bolsa geljekki suratkeşiň ukybynyň açylmagyna getirip, ony sungat ýoluna iteripdir. Çarymyrat Ýazmyradow ilki Aşgabadyň çeperçilik mekdebinde bilim alýar. Soňra bolsa Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda okuwyny dowam etdirýär. Häzirki wagtda bolsa Türkmenistanyň Suratkeşler birleşigine ýolbaşçylyk edýär. Ussat halypa nakgaş, suratkeş, dizaýner hökmünde tanalýar.

Suratkeşiň eserlerini synlanyňda, onuň döredijiliginiň baýdygyna, gözýetiminiň giňdigine göz ýetirmek bolýar. Onuň «Bu derdi», «Dananyň ruhy», «Bakylyga» «Aýa sataşdym», «Aýa döndi» atly eserlerinde beýik akyldaryň içki duýgusy açylyp görkezilýär.

Merjen ÝAZLYÝEWA,
«Watan».