Gözelligiň dilindäki söhbetler

11 Ýanwar 2024
611

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 31-nji oktýabrynda — bütindünýä şäherler gününde aşyklar şäheri Aşgabadymyzyň «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizilendigi baradaky hoş habaryň dünýä dolmagy paýtagtymyzyň ösüşli ýollaryna täze ylham, täze röwüş, täze joşgun bagyş etdi. Şol günden bäri gözel paýtagtymyzda milli öwüşginler bilen häzirki zaman dizaýnynyň sazlaşygyndaky gözelligi dünýä ýaýmak bilen baglanyşykly işlere has-da giň gerim berildi.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 7-9-njy ýanwary aralygynda gözel paýtagtymyzyň Modeller öýi gözelligiň dilinde şirinden-şirin söhbet edilýän künjege öwrüldi. Ol ýerde ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariatynyň Aşgabat şäher häkimligi bilen bilelikde guran üç günlük forumynyň dowamynda ýaýbaňlandyrylan «Aşgabat», «Mähirli zenan», «Nur Ýüpek», «Peýker» modalar öýleri tarapyndan taýýarlanan milli öwüşginli lybaslar toplumlarynyň görkezilişleri çeper elli zenanlarymyzyň kalbynyň owazyny dünýä ýaýdy. Gözel paýtagtymyzyň modalar ulgamyndaky mümkinçiliklerini wagyz etmek maksady bilen geçirilen dabaralara ildeşlerimiz bilen bir hatarda «Route De La Soie Et Al-Andalus» assosiasiýasynyň ýolbaşçysy, «Oriýental Fashion Show» moda görkezilişini esaslandyryjy Hind Žudaryň we suratçy Pol Žak Tomasininiň gatnaşmagy bu gözelligiň ýakyn wagtda dünýä doljakdygyny ynam bilen aýtmaga esas berýär. Hind Žudaryň Gündogar ýurtlarynyň dizaýnerleriniň işlerini dünýä çykarmak bilen baglanyşykly işleri alyp barýandygy bolsa bu pikirimizi has-da berkidýär.

Aýjan OMAROWA,
Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.